Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary & Kerim Aş-Şazili
Gadymy döwürlerde ylmy we edebi eserleri bilen dünýä taryhynda uly abraýa eýe bolmagy başaran arap edebiýaty häzirki döwürde hem ajaýyp eserleri, peýdaly pikirleri bilen okyjylaryň ünsüni çekmegi başarýar. Şeýle eserleriň biri hem tanymal arap ýazyjysy Kerim aş-Şaziliniň "Atamyň durmuş hakda aytmadyk zatlary" atly eseridir. Nesil terbiýesine, şahsyýet kämilligine dahylly dürli pikirleri öňe sürýän, döwrebap we akylly hereket etmegiň yollaryny salgy berýän bu eseri türkmen okyjylary bilen paýlaşýarys. Bu kitap 2014-nji ýylda "Esger" gazetinde dolulygyna çap edildi. Kitaby arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow.