Kiçijek Şazada & Antuan de Sent-Ekzýumperi


<<Kiçijik şazada» - beýik fransuz ýazyjysy Antuan de Sent-Ekzüperiniň iň belli eseri-dir. Ýazyjy bu powestini 1943-nji ýylda Nýu-Yorkda ýaşap ýörkä ýazýar we şol ýylam eser ilkinji gezek neşir edilýär. 2011-nji ýyla çenli dünýä dilleriniň 180-sine terjime edilen, umumy çapdan çykan nusgalygy 80 milliondan geçen, esasynda birnäçe sahna oýunlary goýlan, multfilmler hem kinofilmler düşürilen, şanyna onlarça aýdymdyr saz ýazylan, dünýäniň Ýaponi-ýadyr Fransiýa, Ukrainadyr Gürjüstan, Orsýetdir Amerika ýaly ýurtlarynda eseriň baş gahrymany - Kiçijik şazada heýkel dikilen bu allegorik powestiň, eýse, üýtgeşikligi nämedekä? Yazaryň hut öz eli bilen çeken suratlary bu eseriň gadyryny has-da artdyrýar. Ýazy-jynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän adamlaryň aýtmagyna görä, ýaşajyk Antuan uzak gijelerine ýyldyzlary synlap oturmagy halaýar eken. Çaga kalby ak kagyz. Oña näme ýazylsa, aňsat-aňsat pozulmaýar. Bu eser ýazyjynyň çirksiz çagalyk arzuw-hyýalla-rynyň önümi. Eseriň gahrymanlarynyň biri Tilkiniň: «Adamlaryň, hatda bir zatjagaz öwrener ýalam wagtlary yok. Olar taýyn zatlary dükanlardan alaýýarlar. Yöne dost söwdasyny edýän dükanlar ýok ahyry. Şonuň üçinem adamlaryň dostlary ýok...» diýen sadaja pelsepesi bilen ylalaşmazlyk kyn. Eser bilen ýakyndan tanşan okyjynyň ondaky özboluşly gahry-manlar bilen ömürlik dostlaşjakdygyna ynanýarys...

Цена: 149.00 TMT


nazarym.tm

+99363693660