Iki atanyň bir ogly & Hajy Ysmaýylow
Zehinli türkmen ýazyjysy Hajy Ysmaýylow 1913-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Bagyr obasynda dogulýar. Ol ilki oba mekdebinde, soňra Moskwadaky magaryf mekdebinde 4 ýyl okap, bilim alýar. Moskwadan gelensoň, «Komintern>> mekdebine okuwa girýär hem-de Yer işler ministrliginde terjimeçi bolup ışleýär. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen Watan goragyna gidýär we 1943-nji ýylda ýaralanyp, Aşgabada dolanyp gelýär. Şol ýyldan başlap hem döredijilik işine ymykly girişýär hem-de «Bäsdeşler», «Öküz Gödek», «Iki atanyň bir ogly», <<Mugallymyň gyzy», «Gopuzlyja gyz» ýaly hiç wagt könelmejek, meşhur eserlerini döredýär. H.Ysmaýylow diñe bir ussat ýazyjy däl, ezber terjimeçi hökmünde-de özüni tanatdy. Puşkiniň, Turgenýewiň, Gyugonyň, Saltykow-Şedriniň. Çehowyň, Gorkiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. H.Ysmaýylowyň döredijiliginiň gülläp ösýän döwründe Aşgabatda bolup geçen yer yranmasy talantly ýazyjynyň ömür tanapyny kesdi. Görnükli ýazyjynyň eserleriniň köpüsi daşary ýurt dillerine terjime edildi. Bu eserler giň halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy.