Roždestwo aýdymy & Çarlz Dikkens
Öňi bilen aýtsam, Marli ýurduny täzeläpdi. Oňa şek-şübhe ýok. Marliniň amanadyny tabşyrandygyny tassyklaýan hat-petege ruhany, kilise gullukçysy, tabytçy hem merhumyň iň ýakyn hossary gol çekipdi. Oňa-da Skrujuň hut özi gol goýupdy. Skrujuň goly duran islendik hat-petegi Londonyň biržasynda ýere degirmän alýardylar. Şonuň üçinem goja Marliniň amanadyny tabşyrandygy edil işigiň söýesine çüý kakylan ýaly hakykatdy.