Dessanlar & Mollamyrat Horezmi


Mollamyrat Horezminiň dessanlary XIX asyryň başlarynda türkmen dessanlarynyň ösmegine goşant goşan eserlerdir. Şahyryň "Dilawer we Gülesrar" dessany yşky başdan geçirmeler häsiýetli dessandyr. Mollamyrat Horezminiň „Zöhre-Tahyr" dessanynyň ýeke-täk golýazma nusgasy Gürjüstanyň K.S. Kekelidze adyndaky golýazma-lar institutynda saklanýar. Şahyr bu dessany Gündogarda meşhur bolan Zöhre-Tahyr" ýordumy esasynda döredipdir. Dessanda esasy öne sürülýän taglym hakykatyň adalatsyzlykdan üstün çykmagyny dabaralandyrmakdan ybaratdyr. Mollamyrat gadymy türkmen ro- waýatyny has ynsanperwerçilikli mazmun bilen baýlaşdyrypdyr. Mollamyrat Horezminiň dessanlary okyjylar köpçüligine ilkinji gezek hödürlenilýär.

Цена: 38.00 TMT


nazarym.tm

+99363693660