Ýürekde galan sargyt & Narmuhammet Kakabaýew
Ýazyjynyň bu kitabyna onuň dürli döwürlerde ýazan hekaýalary girizildi. Olarda türkmeniň edim-gylymlary, däp-dessurlary gahrymanlaryň hüý-häsiýetleri bilen aýrylmaz baglanyşykly berilýär. Nesilleriň arasyndaky ruhy-taryhy bitewilik hekaýalaryň süňňüne siňipdir. Ata Watana, ene topraga söýgi, ene-ata hormat-sarpa, türkmeniň geçmiş taryhyna buýsanç, bagtly geljege bolan ynam hekaýalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.