Oýlanma baýry & Kerim Gurbannepesow
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň millilige yugrulan şahyrana eserleri çeper edebiýatyň musşdaklarynyň uludan-kiçi ählisini bendi edýär. Çünki onun gosgularydyr poemalary ündeýän oý-pikirleriniň geriminin örän ginligi, many--mazmunynyň biçak baýlygy, dilinin çeperligi, halkylygy bilen tapawutlanýar. Milli şygryýetimiziň läheňi saýylýan görnükli söz ussadynyň saýlanyp-seçilip, ýaş okyjylarymyzyň dykgatyna hödürlenýän dürdäne eserleri olaryň hiç haýsyny asla biperwaý goýmaz.