Halallyk kyssalary & Rahmet Gylyjow
Ýazyjy Kerim aş-Şaziliniň häzirki zaman arap dünýäsinde iň naýbaşy eserleriň biri hasaplanýan «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary» atly kitaby dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Kerim aş-Şazili 1979-njy ýylda Müsür Arap Respublikasynyň Dakhaliýýe welaýatynda dogulýar. Nesil we şahsyýet terbiýesi hakdaky eserleri bilen sanlyja ýylyň içinde dünýäde adygyp bilmegi başaran we millionlarça okyjynyň söýgüsini gazanan awtor «Ejýal (Nesiller)» atly neşirýaty esaslandyran adamdyr. Ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan eserleriň ählisi gönüden-göni ýaşlara niýetlenen. Durmuşda öňüňde anyk we beýik maksat goýup ýaşamak, hemişe halal pişelere we arassa serişdelere gol ýapmak, durmuşyň dürli pursatlarynda darykdyrýan ýagdaýlara uçranyňda hem päkize pällere we tämiz niýetlere hemra bolmak, durmuşy, dostlaryňy, daş-töweregiňdäkileri we tutuş dünýäni söýmek arkaly söýülmek - ýazyjynyň ömrüniň şygary. Onuň döreden ähli eserlerinde hemýaşlaryň diňe şu güne däl, eýsem, geljege hem häzirden taýýarlyk görmegi ündelýär.