Baýlaryñ we garyplaryñ pikir ýörediş strategiýalary & Saidmurod Dawlatow
"Eger gaty akylly bolsam, näme üçin onda men baý däl?". Bu soragy aslynda her kişi özüne berip görendir. Soragyň jogaby juda ýönekeý: ähli zat pikir ýörediş usuly bilen baglanyşykly. Saidmurod Dawlatow baý we garyp adamlaryň pikir ýörediş usullarynyň üstünde 20 ýyl bäri seljeriş işleri bilen meşgullanyp gelýär. Elinizdäki kitap maliýe pikiriňizi üýtgetmek üçin zerur bolan kitaplaryň biridir. Bu kitap çäklendirilen garaýyşlardan dynmaga, täze girdeji çeşmelerini tapmaga we pul gazanmagyň täze ýollaryny öwrenmäge uly kömek eder. Eger-de siz aýlykdan aýlyga ýaşamakadan ýadan bolsaňyz; puluňyzy nädip ýokarlandyrmalydygyna düşünmeýän bolsaňyz; karz (bergileriňizi) nädip üzmelidigini bilmeýän bolsaňyz; ähli edýän işleriňiziň arzuw edýän netijeleriňize ýetirmeýänligini düşünmek isleseňiz; has gowy durmuşa özüňizi mynasyp görýän bolsaňyz bu kitaby okamagy size maslahat berýäris.