Men we Pul 2 & Saidmurod Dawlatow


Hormatly okyjylar! Sözbaşy Siziň elinizde saklaýan kitabyňyzdaky maglumatlary men uzak wagtyň dowamynda, ýagny öz biznesime başlan döwrümden bäri topladym. Ol ulgamlaşdyrylan we hususy işini açmak, harytlaryň we kapitalyň hereketlerini dolandyrmak, zyýany azaltmak we ş.m. temalary öz içine alýar. Bu ýerde biznesiňi ýöretmek boýunça meniň şahsy tejribämde barlanylan we ulany an köpsanly anyk maslahatlar bardyr. Bu kitabyň golýazmasy bäş ýylyň dowamynda emele geldi. Ol "Men we Pul" kitabyň birinji bölümini okap, öz pul akymyny döredip, has hem uzaga gitmek isleýänler üçin niýetlenendir. Birinji bölümde men maşgala býujetiniň iň amatly dolanyşygynyň üsti bilen puly saklamagyň we köpeltmegiň ulgamyny belläp geçipdim. Ikinjisinde bolsa men pul akymyny emele getirmek üçin kapitaly nädip dolandyrmalydygyny, biznesiň ugruny nädip saýlamalydygyny, ony haýsy ýerlerde açmalydygyny, önümi nädip saýlamalydygyny, işgärleri nädip toplamalydygyny görkezýän, ýagny biznesiňizi dolandyrmak boýunça köp aýratynlyklary tapyp bilersiniz. Men bu kitaby biznesdäki bolup geçýän meseleleri azaldar we peýda berer diýen umyt bilen ýazdym, sebäbi özün köp gezek "ýandym", nädogry kärdeşler, ýalňyş ugurlar, gurluş nasazlyklary zerarly köp ejir çekdim. Şonuň üçinem bu kitap biznes bilen meşgullanasy gelýän, ony öwrenýän adamlaryň eline düşse, kem bolmaz diýip pikir etdim. Ol ansat we sada dilde ýazylan we onuň size peýdasy deger, sizi ýeterlik derejede girdeji bilen üpjün edip, biznesiňizi ulaltmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýärin. Kitap öz biznesini açýanlara-da, ony ýöretýänlere-de peýdaly bolar. Ol häzirki wagtda gowşak satuwlara, köp galyndylara we beýleki meselelere getirýän bazaryň kyn şertlerinde has möhüm rol oynaýar. Edil şonuň üçinem ol telekeçiler üçin gyzykly bolar. Size zähmetiňizde üstünlikleri we ösüşleri arzuw edýärin. Kitapda berýän ähli maslahatlarymy tejribe edip görüň. Olar netijelidir we meniň ýöredýän biznesimiň köp ugurlarynda peýdalanylýar. Uly hormat bilen, Saidmurod Dawlatow.

Цена: 125.00 TMT


nazarym.tm

+99363693660